BIZE YAZYARLAR

Medeniýetiň galkynýan zamanasynda

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýylymyzyň özünde şan bar, şöhrat bar. Çünki bu şanly ýylymyz turuwbaşdan edebiýata, sungata we milli medeniýete bagyşlanan ýyllaryň biri hökmünde ýurdumyzyň taryhynda aýratyn yz galdyrýar. Gündogaryň beýik akyldary, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler bu günki gün türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, edebi gymmatlyklaryny bütin dünýä äşgär edýär. Esasan hem sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde şu günler ýurdumyzyň Medeniýet hepdeliginiň we onuň çäklerinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giň dabaralar bilen baýram edilmegi türkmen jemgyýetinde söze, saza, medeniýete aýratyn gadyr-gymmat goýulýandygynyň subutnamasydyr.

Bu gün ýurdumyzda giňden toýlanylýan toýlaryň, dabaralaryň joşgunyndan hem görnüşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ykballaryň galkynan, zamananyň beýgelen döwürleriniň biridir. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän dürli mazmunly medeni çärelerden, sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlaryndan hem görnüşi ýaly, ýurdumyzda ýaşamak, zähmet çekmek üçin döredilýän giň mümkinçilikler ildeşlerimiziň döredijilik ruhuny artdyrýar. Görşümiz ýaly bu baýramçylyk günlerine ulgamyň wekilleriniň her biri özleriniň baýramçylyk çykyşlary, täze sahna eserleri, döredijilik işleri bilen gelipdirler. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ýubileý baýramyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň giň gerime eýe bolmagy indi her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň bu ýylky şowhunyny has hem artdyrýar. Ýaňy-ýakynda bolsa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çapa taýýarlanan beýik şahyryň saýlanan eserleri ýerleşdirilen «Magtymguly» atly kitabyň elimize gowuşmagy bolsa biz kitaphanaçylar üçin baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. Goý, ýurdumyzda toýlar toýlara, baýramlar baýramlara ulaşsyn!   

Ziýada Meredowa,

Dänew etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: