Medeniýet — ikinji tebigatdyr
Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni gymmatlyklarymyz Garaşsyzlyk eýýamynyň belent ruhy bilen eýlenip, baýlaşdyrylyp, ösdürilip ähliadamzat gymmatlyklarynyň derejesine göterildi hem-de dünýä medeniýetiniň altyn hazynasynyň üstüni ýetirdi. Şeýle bolansoň, milli medeniýetimiz we sungatymyz dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezine öwrüldi hem-de onuň milli gymmatlygymyz hökmündäki dabaralandyrylmasy barha arşa göterilýär. Milli medeniýet we sungat milletiň kalby hasaplanylýar.
Medeniýet örän çylşyrymly, köptaraply hadysa bolansoň, oňa kesgitleme beremegem kyn. Eger iş adamyň içki ruhy dünýäsini ösdürmäge we kämilleşdirmäge hemaýat edýän bolsa, şol iş medeniýete öwrülýändir. Medeniýet «ikinji tebigat» hökmünde hem kesgitlenýär. Tebigatyň döredenlerine medeniýet diýilmeýär. Adamyň eli, zehini arkaly tebigatyň döredip bilmeýän zatlaryny ikinji tebigat döredýär. Tebigat adama nan bişirip, don tikip, jaý salyp berip bilenok. Adamlar hem oňaryp-bejerýän zatlaryny tebigatsyz öndürip bilmeýärler. Tebigat toprak, suw berýär, adamlar olary garyp, laý edýärler. Medeniýet adamyň içki ruhy dünýäsini alamatlandyrýar.
Maddy medeniýetden doýup bolýan bolsa, ruhy medeniýetden doýup bolmaýar. Ylymdan, bilimden, ruhy medeniýetden doýup bolmaýar. Ruhy medeniýetiň ömri uzak bolýar. «Oguznama», «Gorkut ata» kitaplarynyň ilkinji nusgalary bir wagtlar ýok bolup gidipdir.
Medeniýetde adaty, tyakyk, belli bir zat hakyndaky düşünjeden başga ylmy teswir hem bar. «Medine» adalgasy arap dilinden «şäher», «ösen» manylary aňladýar. Soňra ösüşi, kämilligi, gözelligi alamatlandyrýan belgi hökmünde «Medine» sözüniň yzyna «ýet» goşulmasy goşulyp, «medeniýet» diýen adalga ýasalýar. Medeniýete adamyň özüniň oňaryp bejerilmegi baradaky garaýşa türkmen medeniýetiniň taryhynda gabat gelinýär. «Şasenem –Garyp» dessanynda: «Bir garyş oglandym, bakdyň, bejerdiň» diýilýär.Türkmenlerde «medeniýet» sözüne manydaş adalga köp. Türkmen şahyrlarynyň eserlerinde «Medeniýet» jümlesine kybapdaş sözler hökmünde «akyl», «edep», «kämil» ýaly adalgalar ulanylýar.
Maýsa Rahymjanowa,
Dänew etrabynyň Seýdi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.