Medeniýet hepdeliginiň çäginde «Perzent çeşme bolsa, gözbaşy ata-enedir» atly maslahat geçirildi
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Ruhyýet» köşgünde «Perzent çeşme bolsa, gözbaşy ata-enedir» atly maslahat geçirildi.
Maslahata gatnaşyjylar ösüp gelýän nesli terbiýelemekde maşgalanyň orny barada gürrüň etdiler. Oglanlary we gyzlary çagalykdan milli ruhy kemala getirmek, bu işde ata-eneleriň göreldesiniň, ata-babalardan galan mirasyň ähmiýeti hakynda jikme-jik durup geçdiler. Bu meseläniň halk döredijiliginde, klassyky şahyrlaryň, häzirki zaman ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň eserlerinde beýan edilişiniň üstünde hem durup geçdiler. Perzent we ata- ene gatnaşyklary, çaganyň durmuşynda ene-atanyň, ata- enäniň durmuşynda çaganyň tutýan orny hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şonuň ýaly-da, «Ata-ene sarpasy — iň mukaddes borjumyz» kompozisiýa goýuldy, «Ene ýüregi» atly edebi sazly çykyş, «Mizemez mirasym» atly folklor toparynyň çykyşy guraldy, ata-enä, çagalara bagyşlanan aýdymlar ýerine ýetirildi.