MEDENIÝET

Medeniýet hepdeligine bagyşlanan konsert boldy

Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň halypa mugallymy, milli saz gurallary bölüminiň plektrli dutar hünäriniň ýokary derejeli mugallymy Narkuly Joraýewiň bilim berýän okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda konsert boldy.

Mugallymyň şägirtleri Azatbek Nazarow «Nurana Diýar», Rüstem Berdiýew «Türkmen tansy», Aziz Huddyýew «Arynyň uçuşy», Döwletjan Ilhamow «Torgaý guş» ýaly sazlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Nurulla Hamraýewiň, Bahram Muradowyň ýerine ýetiren sazlary olaryň ussat sazanda bolup ýetişýnädiklerini görkezdi.

Konsert iýun aýynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine bagyşlanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: