MEDENIÝET

Medeniýet hepdeliginde Lebap welaýatynyň sungat işgärleriniň konserti guraldy

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Änew şäherindäki medeniýet öýüniň sahnasynda Lebap we Mary welaýatlarynyň medeniýet, sungat işgärleriniň guran giň gerimli konserti döredijilik forumynyň dördünji gününiň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.
Lebap we Mary welaýatlarynyň artistleri däp bolan, şeýle-de döwrebap aýdym-sazlary, dürli žanrlardaky eserleri sazlaşykly utgaşdyryp, tomaşaçylara ýatdan çykmajak täsirleri bagyşladylar. Ýurdumyzyň sebitleriniň medeni mirasynyň dürli aýratynlyklara eýedigini görkezen konsert döredijilik toparlarynyň
arasyndaky özara gatnaşyklaryň berkidilmegine hem ýardam eder.
Ruhubelentlige beslenen çäre medeniýetiň we sungatyň kuwwatly birleşdiriji güýje eýedigini nobatdaky gezek tassyklady.