Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň giň gerimli ösüşlerine milli medeniýetimize we sungatymyza içgin aralaşmak arkaly göz ýetirmek bolýar. Sebäbi bu ulgamda bagtyýarlyk döwrümiziň beýik ösüşleri, düýpli özgertmeleri aýdyň beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyz jemgyýetimiziň ösüşli ýollarynyň aýnasy bolup durýan medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösmegi üçin uly aladalary edýär. Mähriban Prezidentimiziň jaýdar nygtaýşy ýaly, medeniýet ynsanyň iň gözel häsiýetlerini açmagyň, belent adamkärçilik sypatlaryny kämilleşdirmegiň ajaýyp mekdebidir.

Ýurdumyzyň giň gerimli ösüşlerine milli medeniýetimize we sungatymyza içgin aralaşmak arkaly göz ýetirmek bolýar. Sebäbi bu ulgamda bagtyýarlyga beslenýän döwrümiziň beýik ösüşleri we düýpli özgertmeleri öz beýanyny tapýar. Şonuň üçinem döwletimiz tarapyndan jemgyýetimiziň rowaç ýollarynyň aýnasy bolup durýan medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösmegi üçin uly aladalar edilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, hünärli adamlar bolup ýetişmeklerinde çagalar sungat mekdepleriniň orny uludyr.

Ýaş nesli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mynasyp adamlar edip terbiýeläp ýetişdirmek, halkymyzyň medeni gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli medeniýetimizi ösdürmäge goşant goşmak biziň — mugallymlaryň borjumyzdyr. Ýaşlary aýdym-saz sungatyna ugrukdyrmakda halypa-şägirtlik ýolunyň ähmiýeti uludyr. Şeýle bolansoň, türkmen milli aýdym-sazlarymyzyň inçe tilsimlerini içgin öwrenmekde pederlerimizden gelýän ýörelgelerden ugur alýarys.

Ajaýyp zamanamyzda türkmen halk saz döredijiligine uly sarpa goýulýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi hem göwün guşumyzy ganatlandyrdy.

Ýaş nesillerimiziň aýdym-saza bolan ukyplaryny ösdürmekde, olarda sungata söýgini artdyrmakda mundan beýlägem ukyp-başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Gözel Allaýewa.

Halaç etrap çagalar sungat mekdebiniň yörite fortepiano mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector