BIZE YAZYARLAR

Medeniýet – halkyň ruhy baýlygy

Türkmen medeniýeti köp müňýyllyk taryhy bolan, ruhy baýlyklary we maddy gymmatlyklary özünde jemleýän beýik sungatdyr. Halkymyzyň döreden her bir eseri, meşhur halylarymyzdan başlap, jadyly dutarymyzyň owazyna çenli, türkmen ruhunyň sarsmazlygyny görkezýär. Dünýäni haýrana goýýan «behişdi» bedewlerimiz bolsa bu medeniýetiň iň wepaly we gözel sütünleriniň biridir. Milliligiň nyşany bolan zergärçilik sungaty we milli lybaslarymyz halkymyzyň nepislik baradaky düşünjesini açyp görkezýär. Şeýle hem, gadymy Merwiň we Köneürgenjiň taryhy ýadygärlikleri geçmişiň beýik medeniýetiniň şaýadydyr. Biziň medeniýetimiz dine bir geçmiş däl, eýsem şu günümizi we geljegimizi ýagtylandyrýan egsilmez bir çeşmedir.
Türkmen sungaty we edebiýaty parahatçylyk, ynsanperwerlik we gözellik ýörelgelerine esaslanýar.  Biz bu gymmatlyklary öwrenmek we dünýä ýaýmak bilen buýsanmalydyrys. Sebäbi medeniýeti bar bolan halkyň döwleti bakydyr, geljegi bolsa röwşendir. Milli mirasymyzy goramak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Bu baý hazyna dünýä medeniýetiniň aýrylmaz we iň gymmatly bölegi hökmünde hemişe dabaralanar.
Ýaş nesli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mynasyp adamlar edip terbiýeläp ýetişdirmek, halkymyzyň medeni gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli medeniýetimizi ösdürmäge goşant goşmak biziň — mugallym hükmünde mukaddes borjumyzdyr. Ýaşlary aýdym-saz sungatyna ugrukdyrmakda halypa-şägirtlik ýolunyň ähmiýeti uludyr. Şeýle bolansoň, türkmen milli aýdym-sazlarymyzyň inçe tilsimlerini içgin öwrenmekde pederlerimizden gelýän ýörelgelerden ugur alýarys.
Ajaýyp zamanamyzda türkmen halk saz döredijiligine uly sarpa goýulýar.  Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi hem göwün guşumyzy ganatlandyrýar.
Ýaş nesillerimiziň aýdym-saza bolan ukyplaryny ösdürmekde, olarda sungata söýgini artdyrmakda mundan beýlägem ukyp-başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Mährijemal ISMAILOWA,
Dänew etrap Garaşsyzlyk şäherçesiniň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.