BIZE YAZYARLAR

Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy

Mer­da­na hal­ky­myz hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da uly ru­hu­be­lent­lik hem-de ýag­şy umyt-ar­zuw­lar bi­len tä­ze, 2026-njy ýy­la ga­dam bas­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­ny we özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­ny has-da şöh­rat­lan­dyr­mak, Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da sy­ýa­sat­da, yk­dy­sa­dy­ýet­de, me­de­ni­ýet­de ýe­ti­len be­lent sep­git­le­ri, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek­de ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri, be­dew ba­dy bi­len ösüş­le­riň be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap ynam­ly ga­dam ur­ýan ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä­ni haý­ran gal­dy­ry­jy gal­ky­nyş­la­ry­ny hem-de äh­li ugur­lar­da ga­za­nyl­ýan be­ýik ýe­ňiş­le­ri­ni da­ba­ra­lan­dyr­mak, di­ňe bir türk­men hal­ky­nyň däl, eý­sem, bü­tin adam­za­dyň ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­mat­ly­gy bo­lan ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň şöh­ra­ty­ny mun­dan beý­läk-de beý­gelt­mek, eziz Wa­ta­ny­my­zyň şan-şöh­ra­ty­ny, hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny art­dyr­mak, ýaş nes­li Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­na, mil­li mi­ra­sy­my­za çäk­siz buý­sanç, söý­gi we hor­mat goý­mak ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek, Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 35 ýyl­lyk şan­ly baý­ra­my­ny my­na­syp gar­şy­la­mak, ama­la aşy­ryl­ýan ägirt uly, be­dew bat­ly be­ýik ösüş­le­riň, ta­ry­hy öz­gert­me­le­riň äh­mi­ýe­ti­ni wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň 2025-nji ýy­lyň 26-njy de­kab­ryn­da­ky ka­ra­ry bi­len 2026-njy ýyl «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan — be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly diý­lip yg­lan edil­di.
Ýurdumyzyň giň gerimli ösüşlerine milli medeniýetimize we sungatymyza içgin aralaşmak arkaly göz ýetirmek bolýar. Sebäbi bu ulgamda bagtyýarlyga beslenýän döwrümiziň beýik ösüşleri we düýpli özgertmeleri öz beýanyny tapýar. Şonuň üçinem döwletimiz tarapyndan jemgyýetimiziň rowaç ýollarynyň aýnasy bolup durýan medeniýetimiziň we sungatymyzyň gülläp ösmegi üçin uly aladalar edilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň giň dünýägaraýyşly, hünärli adamlar bolup ýetişmeklerinde ýörite sungat mekdepleriniň orny uludyr.
Ýaş nesli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne mynasyp adamlar edip terbiýeläp ýetişdirmek, halkymyzyň medeni gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli medeniýetimizi ösdürmäge goşant goşmak biziň — mugallymlaryň borjumyzdyr. Ýaşlary aýdym-saz sungatyna ugrukdyrmakda halypa-şägirtlik ýolunyň ähmiýeti uludyr. Şeýle bolansoň, türkmen milli aýdym-sazlarymyzyň inçe tilsimlerini içgin öwrenmekde pederlerimizden gelýän ýörelgelerden ugur alýarys.
Ajaýyp zamanamyzda türkmen halk saz döredijiligine uly sarpa goýulýar.  Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi hem göwün guşumyzy ganatlandyrýar.
Ýaş nesillerimiziň aýdym-saza bolan ukyplaryny ösdürmekde, olarda sungata söýgini artdyrmakda mundan beýlägem ukyp-başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Jamal HUDAÝBERDYÝEWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.