JEMGYÝET

«Medeniýet halkyň kalbydyr» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi

Türkmenabat şäherindäki Medeniýet merkezinde «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýazýar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň guramagynda geçirilen bu baýramçylyk çäresinde jemgyýetçilik guramalaryň we syýasy partiýalaryň işjeň agzalarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça alyp barýan döwletli tutumlary baradaky buýsançly çykyşlary diňlenildi. Merkeziň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary il bagtyýarlygynyň hoş owazy bolup ýaňlandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: