BIZE YAZYARLAR

Medeni mirasymyzy hormatlap

Milli mirasymyzy gaýtadan dikeltmek üçin ene-mamalarymyzdan biziň günlerimize gaýdyp gelen halyçylyk sungaty barada birnäçe gyzykly maglumatlary size jemledik.
Haly önümleri gündelik durmuş bilen ýakyn baglanyşyklydyr, olaryň görnüşleri hem şondan gelip çykýar. Gadym türkmen öýüniň gapysynyň haly tutusyny – ensini muňa mysal görkezmek bolar. Ensi ýokary we aşagy bölekleriniň aýdyň kompozisiýasy bolan kiçeňiräk gönüburçly halydyr. Onuň aşaky nagyşly zolagy adatça, ýokarkydan inlidir.Ýeňsesiniň gaşy düşelýän halylaryň nagyşyndan tapawutlanýar.
Gapylyklar öýüň eňsi bilen ýapylan gapysynyň ýokarky böleginiň daşyna aýlanýar. Germeç hem çarwa öýüniň bezegi bolup, ol gapynyň ýanynda bosaganyň iç ýüzünde berkidilýär. Uk ujy süýnmek formaly seçek bilen gutarýan haly ortükdir. Uk ujy çitimli we çitimsiz bolup, oňa ownuk nagyş salynýar. Ümür – duman ak çuwala meňzeýär, emma onuň aşakgy bölegi seçek bilen gutarýar. Ümir-duman goşa bolup, çarwa öýüniň iç ýüzünde ýokardan asylýar. Bir öý üçin 2-4 we ondan hem köp ümür-duman gerek bolýar. Öýi bezemek üçin niýetlenen öý ýüpi “ak ýüp” diýlip atlandyrylýar, olar özboluşly owadanlygy bilen tapawutlanýarlar. Adatça, şonuň ýaly daroşkalary ýerligi ak bolup, nagyşlary çitilip salynýar.
Ýokarda agzalyp geçilen haly önümleri öýi bezemek üçin ulanylýan zatlaryň diňe bir bölegidir. Haly önümleri diňe öýüň bezegi bolman, toý dabaralarda olar bilen atlary we düýeleri hem bezäpdiler. Olardan: at haly-arkasyna ýapylýan haly; ýerlik-töweregi seçeklenen, ýeriň üstüne atylýan halyjyk; içirgi-eýeriň aşagyndan ýazylýan çitimli ýa-da çitimsiz halyça; düýe haly (asmalyk)-toý günleri düýäniň howudynyň iki tarapyndan goýberilýän haly bezegi; köşek halyk düýe halyga görä kiçi bolup, onuň bilen köşek bezelýär; maňlaýlyk düýäniň maňlaýyny bezeýär.

BÄŞIMOWA Selbi,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.