Türkmenabat şäheriniň Medeniýet öýünde Merkezi Aziýa we Owganystanyň halklarynyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlyga bagyşlanan çäre geçirildi. Ony Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşi bilelikde guradylar.
Medeniýet öýüniň foýesinde Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň halklarynyň milli eşikleriniň sergisi guraldy. Şonuň ýaly-da, bu ýerde nakgaş Alym Işankulyýewiň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky orta asyr kerwen ýollaryny suratlandyrýan eserleri goýuldy. Görkezilen wideoroliklerde gatnaşyjylary Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Owganystanyň taryhy we şu güni bilen tanyşdyrdylar. Myhmanlaryň öňünde «Arabella» we «Amul» tans toparlary çykyş etdiler. Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Adalat Kerimowa we onuň okuwçysy Söwünç Öwezkulyýewa skripkada Türkmenistanyň we daşary ýurt kompozitorlarynyň sazlaryny ýerine ýetirdiler.