TARYH

Medallaryň atlary olaryň himiki düzümine laýyk gelýärmikä?

Olimpiýa oýunlarynda ýeňijileri sylaglamak däbi antik döwürlerde goýlupdyr. Şol wagtlar Gadymy Gresiýada ýeňijilere zeýtun wenoklary gowşurylypdyr. Wagtyň geçmegi  bilen olar medallar bilen çalşylypdyr. Bu barada «ТАСС»-yň materiallarynda gürrüň berilýär. 1894-nji ýylda Parižde (Fransiýa) geçen Olimpiýa kongresinde Oýunlary dikeltmek barada gelnen karardan soň ýeňijileri sylaglamak üçin medallardan peýdalanyp başladylar. Birinji, ikinji we üçünji orunlar üçin sylaglar altyn, kümüş we bürünç medallardan durupdyr. Medallaryň atlary hemişe olaryň himiki düzümi bilen deň gelmeýär. Mysal üçin, altyn medallar, adatça, altyn çaýylan kümüşden taýýarlanylýar. Oýunlaryň taryhynda ol diňe bir gezek 1908-nji ýylda Londonda (Beýik Britaniýa) geçirilen Olimpiada üçin arassa altyndan edildi. Ýöne ol örän kiçijikdi, onuň diametri 3,3 santimetre, agramy bolsa 21 grama barabardy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: