SPORT WE SYÝAHAT

Mbappe «PSŽ»-den gitmekçi bolýar

«PSŽ» Leonid Messi bilen şertnama baglaşdy, ýöne Kiliana Mbeppi bilen baglaşarmy ýa-da ýok — bu mesele açyklygyna galýar, diýip «mail.ru» ýazýar.

Zehinli fransuz futbolçysynyň pariž kluby bilen baglaşan şertnamasynyň möhleti indiki ýylyň tomsunda tamamlanýar. Bu «PSŽ»-niň ýene bir ökde futbolçysyny mugt goýberjekdigini aňladýar. Mbappeniň Pariži terk etmekçidigi barada habar peýda boldy. Insaýderler 22 ýaşly fransuzyň diňe «Reala» geçmek isleýändigini aýdýarlar. Ol ýerde ol öňdäki orunlarda bolar. Indi ony aýlygynyň möçberi hem gyzyklandyrmaýar. Sebäbi onuň mundan beýläk fransuz klubynda oýnasy gelmeýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: