DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Maýyň ortalaryna «Androidiň» täze wersiýasy peýda bolar

«Российская газета»-nyň ýazmagyna görä, 18-nji maýda «Google» «Androidiň» täze wersiýasyny görkezer. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy «Twitterde» habar berdi.
«18-nji maýdan 20-nji maýa çenli bize goşulyň. Çäräni mugt onlaýn görkezeris» diýip, ol beýan etdi. Täze operasion ulgamyň «Android 12» diýen ady almagy mümkin. Güýze garap bolsa, kompaniýa onuň durnukly wersiýasyny goýberip başlar.
Ondan başga-da, çärede «Google» beýleki önümlerini hem görkezmekleri mümkin. «Android Police» neşiriniň pikirine görä, «Google Pixel 5a»-nyň, şonuň ýaly-da, «Pixel Buds» simsiz gulaklygyň ilkinji gezek görkezilmegi mümkin.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply