BIZE YAZYARLAR

Maýsaly meýdanlar gyşy garşylaýar

Geljek ýylda bereketli galla hasylyny öndürmekde güýzlük bugdaý ekişiniň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmeginiň uly ähmiýeti bar. Munuň şeýledigine öz iş tejribelerinde oňat göz ýetiren welaýatymyzyň gallaçy kärendeçileri, daýhan hojalyklarynyň agzalary, mehanizatorlary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň tamamlanyp barýan güýz paslynda-da bu ugurda gaýratly zähmet çekdiler. Şonuň netijesinde olar özleriniň gözegçilik edýän meýdanlarynda ene topraga bereket tohumlaryny atmakda, gallaçy daýhanlara bu işde goldaw bermekde uly üstünliklere eýe boldular. Munuň şeýledigini häzirki wagtda ýaýylyp gidýän giň bugdaý meýdanlarynda gözýetime ýaraşyk berýän ýaşyl maýsalar subut edýär.
Bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde amala aşyrmakda etraplaryň, daýhan birleşikleriniň, aýry-aýry kärendeçileriň ençemesi has-da tapawutlandylar. Şeýlelikde, olar bu möhüm çäräni öňdäkileriň hatarynda tamamlap, ýaş maýsalaryň idegine köpçülikleýin girişmeklige şert döretdiler. Şu günlerde bolsa bu babatdaky çäreleriň barha ýokary depginlere eýe bolýandygyny görmek mümkin.
Zähmetsöýer daýhanlaryň öňünde güýzlük bugdaýyň ekişinden başlap, geljek ýylyň tomsunda hasyl ýygnalýança ýeňil bolmadyk işler, derwaýys çäreler  durýar. Olaryň ähmiýetine doly düşünýän, bol hasylyň ýetişdiriljekdigine berk ynamy bolan daýhan bu gün ýaşyl maýsaly meýdanlara tarap barýar.

Gadam ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň başlygynyň                              wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi.