SPORT WE SYÝAHAT

Maýsa Perdäýewa Gülbadam Babamyradowadan hem ýokary netije görkezdi

Köýtendagly dzýudoçy Maýsa Perdäýewa Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen Uly tuwulga ýaryşynda üstünlikli çykyş etdi. Ezber türgen gyz bu ýaryşda hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

57 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Maýsa 33 ülkä wekilçilik eden 44 türgeniň arasynda saýlanmagy başardy. 19 ýaşly talyp türgen bürünç medala barýan ýolda bäş ýeňiş gazandy.

Halkara ýaryşlarda ozal hem birnäçe üstünligi bolan ildeşimiz üçünji orny fransiýaly Faize Mokdar bilen paýlaşdy. Bu agram derejesinde altyn medaly dünýäniň iki gezek çempiony, kanadaly türgen Kriste Deguçi, kümüş medaly bolsa geçen ýyl Abu-Dabi we Tokio şäherlerinde geçirilen Uly tuwulga ýaryşynyň çempiony, braziliýaly dzýudoçy Jessika Lima gazandy.

Şeýlelikde, Maýsa Perdäýewa Dünýä çempionatyna we Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin utuk berýän abraýly ýaryşlarda medal gazanan türkmenistanly türgenleriň ikinjisi boldy. Geçen ýylyň dekabr aýynda türkmenistanly dzýudoçy Hekim Agamämmedow hem Tokio Uly tuwulga ýaryşynda 66 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medal gazanypdy.

Zenanlar babatynda aýdylanda bolsa, Maýsa Perdäýewiň Uly tuwulgalarda medal gazanan ilkinji türkmenistanly zenan türgen bolandygyny aýtmak gerek. Mundan ozal bu tapgyrda iň ýokary netijäni 2014-nji ýylda Baku Uly tuwulgasynda Gülbadam Babamyradowa görkezip, ol ilkinji bäşlige girmegi başarypdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: