- GIŇDIR DÜNÝÄ, GEŇDIR DÜNÝÄ

MAÝMYNYŇ NÄBELLI GÖRNÜŞI TAPYLDY

Amazonkanyň tropik tokaýlarynda barlag işlerini geçirýän alymlar maýmynyň şu wagta çenli ylymda belli bolmadyk görnüşini yapdular. Olar bu tüýlek, dürli reňkli maýmyny Plectuocebus parecis diýip atlandyrdylar. Ýöne ýerli ilat maýmynlary ir waftlardan bäri bilýärler we olary ?Otoho” diýip atlandurýarlar. Alymlaryň bellemeklerine görä, olar öň tropik tokaýlaryň has gür, adamlaryň baryp bilmeýän ýerlerinde ýaşapdyrlar. Soňky ýyllarda ol ýerlerdäki agaçlaryň düýpli ýykylyp ýok edilmegi maýmynlary başga ýerlere süýşmäge mejbur edipdir. Braziliýanyň barmasy örän kyn bolan Paresis diýen ýerinde ýäşaýan bu maýmynlar san taýdan az, ýaşaýan meýdany kiçijik. Şonuň üçin alymlar maýmynlaryň bu görnüşini Gyzyl kitaba girizmegi teklip edýärler. Ol geçen ýyl Braziliýada tapylan maýmynlaryň täze görnüşiniň 3-njisi, 21 asyryň başundan bäri bolsa 20-njisidir. Şeýle ylmy öňe gidişlpge tropik tokaýlaryň çapylyp ýok edilmegi “kömek etdi”.

                         (Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).

                                           Taýýarlan Allaýar ORAZOW.