MEDENIÝET

Maýda Lebapda surata düşürilen filmiň ilkinji görkezilişi bolar

Maý aýynda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary kinorežissýor Sahysalyh Baýramowyň «Gyz kasamy» atly çeper filminiň premýerasyna tomaşa edip bilerler.
Filmiň sýužeti 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň frontyndan öz ýakynlarynyň gaýdyp gelmegine garaşýan türkmen aýal-gyzlaryň durmuşynda bolup geçen hakyky wakalara esaslanýar.
Filmiň köp ýerleri Lebap welaýatynda surata düşürilýär; eýýäm köp materiallar Kerki, Saýat we Halaç etraplarynda surata düşürildi.
Filmiň surata düşürilişine Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri gatnaşdy. Baş keşbi agzalan teatryň aktrisasy Aýna Rozyýewa ýerine ýetirýär.