BILIM

Maý aýynda Türkmenistanda iki halkara olimpiadasy geçiriler

Maý aýynda Türkmenistanda iki halkara internet olimpiadasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. 17-nji maýda iňlis dili dersi boýunça I halkara internet olimpiadasy geçiriler. Ony Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guraýar. 20-nji maýda bolsa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň guramagynda materiallaryň garşylygy dersi boýunça açyk internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçen anna güni geçirilen mejlisinde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda halkara intellektual ýaryşlaryny ýokary derejede guramaga taýýarlyk görülýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: