2026-njy ýylyň 7-nji we 21-nji maýynda welaýat adalat bölüminiň hem-de adalat edaralarynyň ulgamyna girýän beýleki gulluklaryň, prokuratura, kazyýet edaralarynyň ýokary işgärleriniň, şeýle hem adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň gatnaşmagynda raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Kabul edişliklerde raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça ýüz tutmalaryna garalar.
Jemgyýetçilik kabul edişligi Türkmenabat şäheriniň A.Nyýazow köçesiniň 8-nji jaýynda — welaýat adalat bölüminiň edara binasynda geçiriler. Kabul edişlik sagat 17:30-dan 19:00-a çenli dowam eder. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 (422) 3-20-54.
Maý aýynda iki gezek raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça kabul edişlikler geçiriler
30
Apr

