Matematika sapaklarynda halk döredijiliginden peýdalanmak
Asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip gelýän halk döredijiliginiň ähli görnüşleri-de durmuşyň dürli ugurlaryndan söz açýar. Olara halkymyzyň şöhratly taryhy ýollary, maddy we ruhy gymmatlyklary siňip, milletimiziň döredijilik ýoly öz beýanyny tapýar. Biz hem halkymyzyň milliligini, özboluşly medeni aýratynlyklaryny ýaşlykdan körpeleriň aňyna guýmak maksady bilen çagalar baglarynda alyp barýan terbiýeçilik işlerimizde halk döredijiligine ýygy-ýygydan ýüzlenýäris. Bu şol bir wagtyň özünde çagalara sowadyň ilkinji ädimlerini öwretmekde, sanamagy we hasaplaýyş endiklerini ösdürmekde, pikirleniş yzygiderligini çuňlaşdyrmakda aýratyn orna eýe bolýar. Meselem: Bir — okana, bir — dokana. Müň işçiden bir başçy. adam bir ýaşar, edebi iki. Agyz – bir, gulak – iki, bir sözläp, iki diňle. Boýy bir garyş, dili iki garyş. El eli ýuwar, iki el birigip ýüzi. Iki aýakly iki günde…
Şeýle hem körpelere sanawaçlardyr matallaryň, tapmaçalaryň üsti bilen sanlary öwretmek olaryň tiz ýadynda saklamagyna ýardam edýär.
Ýedigenim ýedi ýyldyz, ýedi göçer, ýedi gonar, sanasaň sogaby bar.
Ýük üstünde dört börük, dördüsi-de gök börük.
Bäş diýenim böri, alty diýenim aşyk, ýedi diýenim ýelmik, sekiz diýenim serçe, dokuz diýenim torgaý, on diýenim orak…
Körpeleriň ýönekeý matematiki düşünjelerini kämilleşdirmekde, olara wagty, aý-gün hasabyny, tebigy ýagdaýlary öwretmekde bolsa Magtymguly Pyragynyň şeýleräk setirlerine salgylanýarys:
Bir öýde bar on iki han,
Hoş gelip siz, eziz myhman,
Bir suprada dört yssy nan,
Üstünde ýedi nar gördüm.
Körpelerde logiki pikirlenmäni, hasaplaýyş endiklerini ösdürmek ugrunda geçýän sapaklarymyzda halk döredijiliginden ulanýan görnüşlerimiziň manysyny we olary ulanmagyň ähmiýetini hem çagalara giňişleýin düşündirýäris.
Gülşen durdyýewa,
Çärjew etrabyndaky 5-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.