Türkmenistanyň orta mekdepleriniň arasynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda matematika dersi boýunça lebaply okuwçylar üstünlik gazandy.
11-nji synp boýunça Çärjew etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň okuwçysy Merdan Muradow döwlet tapgyrynda ikinji orny eýeledi. Şeýle hem Kerki etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň okuwçysy Güller Baýramgeldiýewa we Farap etrabynyň daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy Sanjar Joraýew döwlet tapgyrynda üçünji orunlary gazandylar. Şeýle-de Türkmenabat şäheriniň 41-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary Kerim Berdiýew we Kyýas Sylabow ýöriteleşdirilen mekdepleriň arasynda döwlet tapgyrynda üçünji orunlary eýelediler. 12-nji synp boýunça Garabekewül etrabynyň 4-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Agageldi Ereşew döwlet tapgyrynda üçünji orny eýeledi.
Matematika boýunça lebaply okuwçylar döwlet tapgyrynda üstünlik gazandy
02
Apr

