BIZE YAZYARLAR

Matematika barada gyzykly wakalar

Käbir adam hasap-hesibe o diýen ökde bolmaýar, käbir adam iki basgançakly sanlary ýatdan hasaplap bilýär. Eýsem, takyk bilimleriň ählisi üçin zerur bolan matematika barada käbir gyzykly maglumatlary okamak hemmeler üçin gyzykly bolsa gerek.
“Matematika” sözi gadymy grekçedäki “men bilýän” diýmegi aňladýan “matesis” sözünden gelip çykýar. Wagtyň geçmegi bilen bu söz grekçede hem üýtgäp “mathematikós” bolupdyr. Bu söz bolsa, “öwrenmegi halaýan” diýmegi aňladýar.
Näme üçin wagt hasabynda 60-lyk bar – bir sagat 60 minut, bir minut 60 sekunt? Muny wawilonlar matematika girizipdirler. Diametriň 360 dereje bolmagy hem şol döwürlerden gözbaş alyp gaýdýar.
Kwadrat kök belgisiniň manysy bolsa iňlis dilindäki “kök” diýmegi aňladýan “root” sözüniň “r” harpyndan döredilen.
Mälim bolşy ýaly, arap (onluk) belgiler ulanylmazdan ozal, Rim sifrleri (I, II, III, IV, V, VI, VII, VIII, IX, X…) ulanylýardy. Bu sifrler häzirki wagtda hem käbir ýurtlarda adam atlarynda ýa-da sene ýazylanda ulanylýar. Rim sanlarynda 0 belgisi ýok.
Matematikada “x”, “y” harplary adatça nämälim sany aňlatmak üçin görkezilýär. Bu harplaryň ulanylmagynyň sebäbi elipbiýiň iň soňunda ýerleşmegi bilen baglydyr.
– Meşhur alym, matematikanyň professory Stiwen Hoking matematikany diňe mekdepde öwrenendigini belläp geçýär. Oksfortda mugallym bolup işlän döwründe bolsa bir gün öňünden talyplaryň kitabyny okap, sapaga şeýle taýýarlanandygyny aýdýar.
– Otrisatel sanlar ilkinji gezek III asyrda Hytaýda ulanyşyga girizilýär. Soňabaka Hindistanda-da hem bergidarlaryň karzyny bellik etmek üçin hem ulanylypdyr.
– «π» sany ilkinji bolup hindistanly matematik Budhaýana b.e öň VI asyrda ulanypdyr.  «π» sanyň simwolyny bolsa 1706-njy ýylda Wilýam Jons oýlap tapypdyr. Bu sany drob hökmünde ýazsak, ol hiç gaýtalanmaýar we tükeniksizdir. Ýene-de «π» sany arkaly howany kesgitläp bolýar.
– Angliýaly matematik Abraham de Muawr garrap gartaşan döwründe ukusynyň dowamlylygy her gün 15 minut artýandygyny belleýär. Şonda ol arifmetik progresiýany düzüp, ukusynyň dowamlylygy 24 sagada ýetjek güni – 27.11.1754 ý. güni anyklaýar. Şol gün hem alym dünýäden ötýär.
– Amerikaly matematik Jordj Dasing aspirant döwründe okuwa gijä galyp, synp tagtasynda ýazylan mysaly öýe tabşyrylan ýumuşdyr öýdüp, işläp gelýär. Muny görüp, professor mugallymy gaty geň galýar. Sebäbi ol ençeme alymlaryň köp ýyllap çözüp bilmedik meselesini çözmegi başarýar.
– Britaniýaly matematik Lýutwidj Jonson ömrüniň köp bölegini logika ylmyna bagyşlanyny hemme bilmeýär. Ony köpräk dünýä edebiýatynda Lýuis Kerroll ady bilen tanaýarlar. 

Muharram BEŞIMOWA,
Çärjew etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni.