BIZE YAZYARLAR

Matematika ― ylymlaryň şasy

Berkarar döwletimiziň bilim ulgamynda matematika dersi ýaş nesliň pikirleniş ukybyny ösdürmegiň, logiki çemeleşmäni kemala getirmegiň hem-de takyklyga endik döretmegiň esasy binýady bolup durýar. Mugallym hökmünde men matematika dersiniň diňe sanlardan we formulalardan ybarat däldigini, eýsem durmuşda dogry karar kabul etmegiň, jogapkärçiligi duýmagyň we zähmetiň gadyr-gymmatyna düşünmegiň möhüm mekdebidigini her bir okuwça düşündirmäge çalyşýaryn. Sebäbi matematika adamda sabyrlylygy, tertipliligi we maksada okgunlylygy terbiýeleýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, okuwçylaryň sanly tehnologiýalara esaslanýan bilimleri ele almaklaryna giň mümkinçilikleriň döredilmegi matematika dersiniň okadylyşynda-da täzeçe çemeleşmeleriň ulanylmagyna şert döretdi. Interaktiw tagtalar, sanly okuw serişdeleri, olimpiadalar we ders bäsleşikleri okuwçylaryň matematika bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Bu bolsa ýaşlaryň diňe bir mekdep derejesinde däl, eýsem halkara bilim giňişliginde hem bäsdeşlige ukyply bolmagyna ýardam berýär.
Matematika mugallymy hökmünde meniň esasy maksadym — okuwçylary diňe bir hasaplamaga öwretmek däl-de, eýsem olary pikirlenýän, seljerýän, öz pikirini delillendirip bilýän şahsyýetler edip terbiýelemekdir. Şeýle maksada ýetmek üçin her bir sapagy durmuş bilen baglanyşdyrmaga, matematikanyň gündelik durmuşdaky ornuny açyp görkezmäge aýratyn üns berýärin. Ynanaýaryn, şu gün matematika dersine yhlas bilen çemeleşýän okuwçylar ertir ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşjak bilimli we başarjaň hünärmenler bolup ýetişerler.

Döwlet BAÝLYÝEW,
Farap etrabynyň 21-nji orta mekdebiniň matematika mugallymy.