JEMGYÝET

Mätäç çagalaryň saglygy Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejerilýär

Aşgabatdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Mary we Lebap welaýatlarynyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezlerinde howandarlyga mätäç çagalara operasiýa bejergileri geçirildi. Häzir olaryň ýagdaýy kanagatlanarly bolup, lukmanlar degişli gözegçiligi amala aşyrýarlar, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenilýän çagalaryň operasiýa bejergisi, lukmançylyk maksatly degişli serişdeler üçin tölegleri Haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna tölemek barada Çözgüde gol çekdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: