DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Maşynlar adamyň ýagdaýyna gözegçilik ederler

2022-nji ýylda Ýewrosoýuzda ulanyljak awtomobillere sürüjiniň ýagdaýyna gözegçilik edýän ulgam oturdylmaly, diýip «Российская газета» habar berýär. Olar sürüjiniň ýagdaýyna dyngysyz gözegçilik etmeli, birden uka gitjek bolsa, ony oýarmaly. Eýýäm premium-klass ulaglarynda şeýle ulgamy oturdýarlar. Russiýada «Uka garşy» diýlip atlandyrylan ulgam jemgyýetçilik ulaglarynda bar.
Ulgam wideokameradan we adam baradaky maglumaty işleýän neýrosetden durýar. Kamera adamyň diňe garaýşyny däl-de, onuň kellesiniň ýagdaýyny hem yzarlaýar. Bu sürüjiniň ýagdaýy barada bitewi düşünje berýär. Neýroset adamyň ýagdaýyny çuň öwrenmäge ukyply: ol onuň ýüzüne seredip, fiziki we akyl taýdan ünsüniň sowulandygyny (başga tarapa seredendigini we oýa batandygyny), kognitiw ýüki, ukusynyň gelýänini we beýlekileri seljerýär.
Kamera sürüjiniň ünsüniň sowulandygyny görenden oýarmak üçin oňa ses we yşyk duýduryşyny berýär. Ol sürüjiniň ýadawlygyny, uka gidenini, pallanyny, ünsüniň sowulanyny (sürüji ýola seretmeýär), şonuň ýaly-da howpsuzlyk kemeriniň ildirilmedigini, ruluň başynda çilim çekilenini, bir zatlary iýenini yzarlaýar. Ulgam üçin ruluň başynda çilim çekmek, iýmek hem ünsi sowýan faktorlardyr. «Ýatan poliseýskileriň» üstüne çykmagy hem ulgam çaknyşyk diýip hasaplaýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: