BIZE YAZYARLAR

Maslahatly il myrada ýeter

Taryhy çeşmeleriň tassyklamagyna görä, türkmenler halkyň öňe çykaran, saýlan adamlaryna, il-ulsuň wekillerine, ýaşululara hemişe sylag-hormat bilen garapdyrlar, çünki olar milli däpleri we durmuş paýhasyny nesilden-nesle geçirip sarpalapdyrlar. «Halkda Hakyň ady bar», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen ýaly aýtgylary döreden parasatly pederlerimiz her bir işde il-halka geňeşipdirler. Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda
paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bolsa bu durmuşy ýörelgäniň mynasyp dowamy bolup, nusgalyk döwlet taglymaty bilen beýik geljegi gurýandygymyzyň aýdyň nyşanydyr.
Maksat-meýilleri anyk, takyk kesgitlemek islendik babatda bolşy ýaly, döwlet durmuşynda-da örän möhüm bolmak bilen, ýurduň ykdysady ösüşinde esasy çelgidir. Şunda Diýarymyzda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde geçirilýän ählihalk forumy möhüm taryhy ähmiýete eýe bolup durýar. Munuň özi garaşsyz ösüş döwründe edilen işleriň jemini jemlemek,
öňde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak we olar boýunça degişli çözgütleri kabul etmek üçin açyk jemgyýetçilik-syýasy platformadyr.
Ýadymyzdadyr, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 20-nji awgustynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde bu ählihalk forumyny hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede geçirmek boýunça möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol mejlisde Milli Liderimiz
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak bilen bagly meselelere seretdi hem-de degişli
resminamalara gol çekdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylmaly toplumlaýyn işler barada degişli tabşyryklary berdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Türkmenistanyň Halk Maslahatynda garalýan meseleler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi bilen bir hatarda, halkymyzyň, ylaýta-da, ýaş nesilleriň abadan durmuşynyň ýokary derejesini öz içine alýar». Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň amatly şertlerde ýaşamaklary, bilim almaklary,
zähmet çekmekleri, döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmek, olaryň geljekde watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda ähli zerur tagallalary etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Täze taryhy döwrümizde ýaşlara bildirilýän ynam örän uly. Gahryman Arkadagymyzyň: «Men Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin» diýen ganatly sözleri bolsa ýaşlary beýik işlere ruhlandyrýar. Şoňa görä-de, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmaga ýaş nesliň wekilleri hem uly isleg bildirdiler. Bu möhüm
jemgyýetçilik-syýasy waka Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Ýaş nesilleriň ähli babatda kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalary edýän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Nurana ANNAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
talyby.