16-njy ýanwarda Kerki etrap medeniýet öýünde, Halaç etrabyndaky 31-nji orta
mekdepde we Saýat etrabynyň Garabekewül şäherindäki medeniýet öýünde
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi
mynasybetli maslahatlar geçirildi. Olara Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri we
Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Milli Geňeşiniň ýolbaşçysy hem-de welaýatymyzyň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Maslahatlarda üstümizdäki ýylyň adynyň tutuş adamzady parahat durmuşda
ýaşamaga çagyrýandygy aýratyn nygtalyp, hemmeler şanly ýyly parahatçylyk
arkaly ösüşe beslemäge çagyryldy. Olaryň dowamynda paýtagtdan gelen myhmanlar bilen bilelikde maslahatlaryň geçirilen ýerleriniň ýerli ýaşaýjylary hem çykyş etdiler. Çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly taryhymyzyň iň düşümli ýyllarynyň biri boljakdygyna ynam bildirdiler hem-de bu işe goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Ýeri gelende aýtsak, bu maslahatlara ― 15-nji ýanwarda badalga berlipdi.
Maslahatlaryň ilkinji gününde Türkmenabat şäheriniň we Dänew, Darganata
etraplarynyň ýaşaýjylary bilen duşuşyklar geçirildi.
Maslahatlar Lebabyň ýene üç etrabynda dowam etdi

17
Jan