Maşgala agzybirligi wagyz edildi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kerki etrap Geňeşiniň ýörite meýilnamasy esasynda Kerki etrap Alyjylar jemgyýetinde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Maşgalam ― baş galam» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda Kerki etrabynyň ýaşaýjysy, hajy ene Aýnabat Jumaýewa , Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň wekili we Kerki etrap alyjylar jemgyýetiniň orunbasary Agamurat Bekmuradow dagylar çykyş edip, maşgalanyň jemgyýetdäki orny, ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Ata-babalarymyz maşgala aýratyn mukaddeslik hökmünde garap, onuň abadançylygyny, agzybirligini ähli zatdan ýokary tutupdyrlar. Şonuň üçin hem halk arasynda «Maşgalalar näçe agzybir bolsa, jemgyýet hem şonça jebisdir» diýilýär. Ýurdumyzda her bir maşgalanyň agzybirligi, abatlygy hemişe wajyp mesele bolup durýar. Şeýle wagyz-nesihat çäreleri etrabymyzyň çäginde yzygiderli geçirilip durulýar. Biz hem ýaşuly nesliň wekili hökmünde öz nesihatlarymyzy ýaşlarymyza ýetirýäris diýip hajy ene öz sözünde belläp geçdi.
Gülşat Jomartowa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.