Hormatly Prezidentimiziň: «Watana, il-güne bolan beýik söýgi maşgala terbiýesinden başlanýar, maşgala döwletimiziň we jemgyýetimiziň ilkinji düzümidir» diýen parasatly jümlesi ajaýyp döwrümizde kämil we sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek aladasyny döwlet syýasatymyzyň iň esasy, wajyp wezipesi edip öňümizde goýmaga esas bolýar.
Maşgala jemgyýetiň esasy gymmatlygy bolup durýar. Adamyň durmuş ýolunda, geljekde öz ornuny tapmak meselesinde maşgalanyň täsiri uludyr. Adamyň çäkli ömründe berk maşgala gurup, agzybirlikde, söýüp, söýlüp ýaşamagy durmuşyň manysy diýsek hem ýalňyşmarys.
Maşgala — keramatly, mukaddes ojak. Maşgala — adamlaryň nikadan, garyndaşlygyndan, ogullyga ýa-da gyzlyga almagyndan ýa-da çagalaryň maşgala kabul edilmeginiň başga görnüşinden gelip çykýan adamlaryň şahsy emläk däl we emläk hukuklary we borçlary bilen baglanyşykly toparydygy barada Türkmenistanyň Maşgala kodeksinde bellenilýär.
Maşgala gurmak adamyň durmuşynda esasy meseleleriň biri. Ony gurmakdan öňürti maşgalada agzybirligi, birek-birege hormat-sylagly gatnaşyklary saklap bilmegiň hakynda oýlanmak zerurdyr. Sebäbi, maşgala kadasy muny berk talap edýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli däplerimize we umumadamzat ýörelgelerine laýyklykda jemgyýetimiziň esasy gymmatlygy bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamaga döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň, mukaddesligiň ojagy hasaplanylýar. Maşgalada adam şahsyýet hökmünde kemala gelýär, birek-biregi hormatlamagy, gymmatyny bilmegi we söýmegi öwrenýär, däp-dessurlara akyl ýetirýär.
Wepa PALTAÝEW,
Garabekewül etrabynyň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň müdiri.
