BIZE YAZYARLAR

Maşgala ― esasy baýlyk

Her ýyl 15-nji maýda dünýä jemgyýetçiligi Halkara Maşgalalar gününi belleýär – bu baýramçylyk, her bir adamyň durmuşynda maşgala gatnaşyklarynyň dowamly ähmiýetini nygtaýar.
Bu gün, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1993-nji ýylda tassyklanyldy we maşgalanyň jemgyýetiň esasy birligi hökmünde ähmiýetini nygtamak üçin niýetlenendir.
Maşgalada adam söýgi, ynam we duýgy açyklygynyň ilkinji sapaklaryny alýar. Maşgala gurşawy adamyň dünýägaraýşyny, howpsuzlyk duýgusyny we kabul etme ýaly häsiýetleri kemala getirmekde möhüm orun eýeleýär.
Bu aýratyn günde maşgalaňyza we dostlaryňyza mähirli sözleri aýdyp, olar barada aladalanyp olary üns merkezinde saklamak möhümdir. Maşgala, esasanam durmuşyň kyn pursatlarynda tükeniksiz güýç we goldaw çeşmesidir.
Her ýyl bu baýramçylyk belli bir mowzuga bagyşlanýar. 2025-nji ýylyň baýramçylyk gününiň mowzugy: «Durnukly ösüş üçin maşgala maksatnamalary».
BMG-nyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň Halkara maşgalalar güni, tehnologiki özgerişler, demografiki üýtgeşmeler, migrasiýa we howanyň üýtgemegi ýaly global meseleleri çözmek üçin maşgala syýasatlaryny milli ösüş maksatnamalaryna goşmagyň zerurlygy barada habardarlygy ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

Güldana JORAÝEWA,
Farap şäher hassahanasynyň lukmany.