YKDYSADYÝET

Maryly halyçylar geçen ýyl 1932 inedördül metr haly dokadylar

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň ezber elli halyçylary geçen ýyl jemi 1932 inedördül metr haly dokap, 3 million 685 müň 237 manatlyk önüm öndürdiler we döwlet tabşyryklaryny üstünlikli amal etdiler.

Geçen ýyl kärhananyň Baýramaly haly önümhanasy hem açylyp, ulanylmaga berildi. Kärhananyň 150 iş orunlyk Baýramaly haly önümhanasy «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň buýurmasy esasynda «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň 5-nji gurluşyk-gurnama kärhanasy tarapyndan bina edildi. Önümhanada döredijilikli zähmet çekmek, medeniýetli dynç almak üçin oňyn şertleriň döredilipdir, ol döwrebap zähmet gurallary bilen üpjün edilipdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: