YKDYSADYÝET

Maryda ýük we ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini ýokarlanýar

Şu ýylyň geçen bäş aýynda «Maryawtoulag» önümçilik birleşigi boýunça halk hojalyk ýükleriniň 720 müň tonnasy daşalyp, 118,2 göterim ösüş gazanyldy. Ýük dolanyşygy boýunça meýilnama 110 göterimden artyk berjaý edildi.

Ýolagçy gatnatmagyň tabşyrygy hem 110 göterimden geçirilip, 7 million 785 müň adam gatnadyldy. Bu görkezijiler önümçilik birleşigine töwerekden gelýän buýurmalaryň netijesinde, kuwwatly ýük awtoulaglarynyň bökdençsiz we gurat işledilmeginiň hem-de ýolagçylara edilýän awtoulag hyzmatlarynyň hiliniň gowulandyrylmagynyň, mümkin bolan ilatly ýerlere täze awtobus gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň hasabyna gazanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: