Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň medeniýet bölüminde täze jemgyýetçilik muzeýi açyldy.
«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, muzeý gymmatlyklarynyň özenini gadymy Marguşuň Goňurdepe şähristanlygyndan tapylan gadymy tapyndylar, şonuň ýaly-da, etrabyň çäginde ýaşap geçen we ýaşaýan, ata Watanyna, il-halkyna ak ýürekden hyzmat edip, päk zähmet çeken şahsyýetleriň suratlary düzýär.
Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleriniň aýtmaklaryna görä, bu ýerde türkmen halkynyň taryhyndan gürrüň berýän täsin gymmatlyklaryň 700-den gowragynyň ýerleşdirilipdir.