JEMGYÝET

Mary welaýatyndan ýene bir dalaşgär Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlenildi

Mary welaýatynda geçirilen ýygnagyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” ylmy-önümçilik merkeziniň direktory Kakageldi Saryýewi ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlemek hakyndaky teklibe garadylar.

Ýygnaga gatnaşyjylar Kakageldi Saryýewiň energetika ylmyny ösdürmäge goşan uly goşandyny nygtap, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek saýlawlarynda onuň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlere hödürlenilmegini goldadylar.

Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: