TÜRKMENISTAN HABARLARY

Mary welaýatynda guruljak onkologiýa merkezi üçin Saud ösüş bankyndan karz serişdesi alyndy

2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş
bankynda Türkmenistanyň hökümetiniň we Saud ösüş gaznasynyň arasynda 300
mln saud riala barabar bolan Karz ylalaşygyna gol çekmek dabarasy geçirildi.
Karz serişdeleri Mary welaýatynda 200 orunlyk onkologiýa merkeziniň
gurulmagyna gönükdiriler.
Resminamalara Saud ösüş gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory Sultan
Abdulrahman Al-Marşad hem-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş
bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow gol çekdiler.
Ylalaşyga Saud ösüş gaznasynyň ýerine ýetiriji direktorynyň Türkmenistana amala
aşyran saparynyň çäklerinde gol çekildi. Sultan Abdulrahman Al-Marşad
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.
Saud ösüş gaznasy ozal milli we halkara taslamalaryň birnäçesiniň, şol sanda
saglygy goraýyş, ulag we kommunikasiýa, maliýe ulgamlarynyň taslamalarynyň
maliýeleşdirilmegine gatnaşdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: