YKDYSADYÝET

Mary welaýatynda elewator we halta öndürýän önümhana gurlar

Mary welaýatynyň Serhetabat etrabyndaky «Çemenabat» maldarçylyk hojalygynyň çäginde 100 müň tonna bugdaý saklamaga niýetlenen elewatory hem-de haltalary öndürýän önümhanany gurmak göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň düýn geçiren iş maslahatynda aýdyldy.

Ol Gazagystanyň bugdaýyny we un önümlerini Owganystana hem-de bu ýurduň üsti bilen beýleki ýurtlara ibermek üçin hyzmat eder. Bu işleri paýly gatnaşyk esasynda amala aşyrmagyň meýilleşdirilýändigi hem habar berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: