Halkara zenanlar güni we Milli bahar baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerinde dabaraly çäreler, konsertler we medeni bäsleşikler guralar. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji fewralda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Meýilnama laýyklykda, “Talyp gözeli”, “Iň eýjejik gyzjagaz” ýaly döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemek, şeýle we welaýatlardaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňünde aýdym-sazly dabaralary guramak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklaryň halkymyzyň ruhubelentligini belende götermelidigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Halkara zenanlar güni we Milli bahar baýramy mynasybetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi hem-de bu dabaralaryň many-mazmunyny jemgyýetçilige giňden ýetirmegi tabşyrdy.
Mart aýynda ýurdumyzda giň gerimli baýramçylyk dabaralary geçiriler
21
Feb

