Mart aýynyň dowamynda Aşgabat şäheriniň “Parahat — 7” ýaşaýyş jaý toplumynda, Büzmeýin etrabynda köp gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, mümkinçiligi çäkli we durmuş goldawyna aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin ýaşaýyş jaýynyň açylyş dabaralaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de dürli maksatly desgalaryň açylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar guralar.
Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna eýe bolan enelere hormatly adyň nyşanynyň we şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasyny, bu ada mynasyp bolan, sekiz hem-de şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasyny, Mukamlar köşgünde baýramçylyk konsertini geçirmek göz öňünde tutulýar. 21-22-nji martda ýurdumyzda Milli bahar baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabaralar guralar.
Bular barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.
Mart aýynda Aşgabatda täze ýaşaýyş jaýlary açylar

24
Feb