Marsda umumy uzynlygy, takmynan, 16 müň kilometre golaý bolan gadymy suw akabasynyň geologiki yzlary tapyldy. Bu derýanyň yzlary Gyzyl saýýaranyň ozal gurak we suw ýokdur öýdülýän günorta belentliklerinde ýüze çykaryldy.
Barlagçylar tarapyndan ýagyşlaryň, garyň gadymy derýa üçin suw çeşmesi bolup hyzmat edendigi çaklanylýar.
Bu saýýaranyň üstünden «Mars Reconnaissance Orbiter we Mars Global Surveyor» älem enjamlary arkaly düşürilen suratlarda derýanyň egrem-bugram gerişleri — ygallaryň galtaşmagy we soňy bilen daş-töweregi gurşap alan jynslaryň ýuwulmagy netijesinde dörän gurluşlar ýüze çykaryldy. Alymlar bu emele gelmeleriň mundan 3,7 milliard ýyl ozal sebitde suwuň bolandygyna şaýatlyk edýändigini tassyklaýarlar.
Marsda gadymy derýanyň yzlary tapyldy
21
Aug
