DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Marokkodaky şäher «Bütindünýä kitap merkezi» diýlip yglan edildi

Bütindünýä kitap merkeziniň Konsultatiw guramasynyň teklibi bilen ÝUNESKO
tarapyndan Marokkonyň paýtagty Rabat şäheri 2026-njy ýylyň Bütindünýä kitap merkezi diýlip yglan edildi. Geljek ýylda bolsa bu derejäni Braziliýanyň Rio-de Žaneýro şäheri göterer.
Rabat kitaplaryň üsti bilen bilimleri we sungaty köp öwüşginliligi bilen ýaýratmak boýunça özboluşly medeni çatryk bolup hyzmat edýär. Şäherde neşirýatlaryň 54-si bolup, kitap dükanlarynyň sany barha artýar. Bu ýerde ululygy boýunça Afrika yklymynda üçünji orunda durýan kitap sergileri geçirilýär. Rabatda kitap merkezi hökmünde durnukly ykdysady ösüşe, kitaplara elýeterliligi giňeltmäge we ýerli neşirýatlary goldamaga gönükdirilen birnäçe çäreleri amala aşyrmak maksat edinilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: