SPORT WE SYÝAHAT

Maneniň “Al-Nasrdan” gitmegi mümkin

Senegalyň tejribeli hüjümçisi Sadio Mane “Al-Nasry” terk etmegi mümkin. Bu barada “Deadlineaylive” neşiri habar berýär.

 Çeşmäniň habaryna görä, Türkiýäniň “Beşiktaş” kluby hüjümçi bilen gyzyklanýar. Saud Arabystany topary bolsa öz futbolçysy bilen hoşlaşmaga taýyn.

Ýeri gelende aýtsak, Mane geçen ýyl tomusda “Bawariýadan” Saud Arabystanynyň klubyna goşuldy. Futbolçy geçen möwsüm klubda jemi 33 gezek meýdana düşdi we 13 pökgi geçirdi.