DÜNÝÄDÄKI HABARLARSPORT WE SYÝAHAT

Mançini wezipesinden boşadyldy

Italiýaly hünärmen Roberto Mançini Saud Arabystanynyň milli futbol
ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy. Bu barada milli
ýygyndynyň metbugat gullugy habar berdi.
Italiýanyň sport neşirleriniň habar bermegine görä, italiýaly hünärmene
şertnamanyň wagtyndna öň ýatyrylýandygy üçin 30 million ýewro tölener.
Mançini 2023-nji ýylyň awgustynda Saud Arabystanynyň milli ýygyndysynyň
baş tälimçiligine bellenipdi. Soňky 5 duşuşykda saud ýygyndysy diňe bir oýunda
ýeňiş gazandy.
59 ýaşyndaky Mançisi mundan ozal Italiýanyň milli ýygyndysyna tälim berdi.
Onuň tälimçiliginde italýan ýygyndysy 2021-nji ýylda Ýewropanyň çempiony
boldy.
Şeýle hem italýan hünärmen Italiýanyň “Fiorentona”, “Lasio”, “Inter”,
Angliýanyň “Mançester Siti”, Türkiýäniň “Galatasaraý” we Russýanyň “Zenit”
toparlaryna tälim berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: