SPORT WE SYÝAHAT

«Mançester Ýunaýted» 500 million ýewro alar

«Mançester Ýunaýted» tomusda topary güýçlendirmek üçin ýolbaşçylardan 500 million ýewro alar.

«Mundo Deportiwonyň» habar bermegine görä, Erik ten Hagyň esasy iki maksady «Barselonanyň» futbolçylary merkezi goragçy Ronald Arauho we geçen tomusda-da alynmaga synanşylan Frenki de Ýong bolar.

Ýöne «Barselona» de Ýong we Arauhony geljegiň esasy oýunçylary hasaplaýar. Iki futbolçy hem baş tälimçi Hawi Ernandesiň meýilnamasynda, şonuň ýaly-da «Barselona» maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýän hem bolsa şertnamalary ýatyrmak gaty kyn bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: