SPORT WE SYÝAHAT

Mançester Siti möhletinden öň Angliýanyň çempiony boldy

Angliýanyň premýer-ligasynyň 36-njy tapgyr oýnunda “Mançester Ýunaýted” “Old Trafford” stadionynda “Lester Sitini” kabul etdi. Duşuşyk myhmanlaryň 2:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.

Bu oýnuň netijesine laýyklykda, 35 oýunda 80 utuk toplan “Mançester Siti” 2020/2021 möwsüminde möhletinden öň Angliýanyň premýer-ligasynda çempiony boldy. “Şäherlilere” iň ýakyn ýerleşýän “Mançester Ýunaýted” ýeňlenden soň, Hosep Guardiolanyň şägirtleriniň yzyndan ýetmek üçin hatda matematiki mümkinçiliklerini hem ýitirdi.
Bu ýeňiş “Mançester Siti” üçin Hosep Guardiolanyň ýolbaşçylygyndaky üçünji çempionlykdyr. «Şäherliler» 2017/2018 we 2018/2019 möwsümlerinde premýer-ligada ýeňiji boldy. Umuman alanyňda, “Mançester Siti” Angliýada ýedinji gezek çempion boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply