SPORT WE SYÝAHAT

«Mançester Siti» ― UEFA-nyň Naýbaşy kubogynyň eýesi

Angliýanyň «Mançester Siti» hem-de Ispaniýanyň «Sewilýa» klublarynyň arasynda UEFA-nyň Super kubogy üçin oýun geçirildi.

Esasy wagty 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanan duşuşykda «Mançester Siti» «Sewilýany» 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde 5:4 hasabynda ýeňdi.

Duşuşygyň 25-nji minutynda «Sewilýanyň» hüjümçisi Ýussef En-Nesiri Markos ilkinji bolup hasaby açdy we nominal myhmanlary öňe saýlady. 63-nji minutda «Mançester Sitiniň» ýarymgoragçysy Koul Palmer Rodriniň pökgi uzatmasynda hasaby deňledi.

Duşuşygyň galan böleginde toparlaryň ikiisnde-de gol salmak we hasapda öňe saýlanmak mümkinçiligi bardy, ýöne muny başaryp bilmediler.

Duşuşyk jerime urgusyna geçdi. Jerime urgusynda «Mançester Sitiniň» futbolçylary has aýdyň hereket etdiler (5: 4).  Iň soňky çözüji urguny «Sewilýanyň» goragçysy Nemanýa Gudel amala aşyryp bilmedi. Şeýlelikde, «Mançester Siti» kubogy aldy.

«Sewilýa» üçin bu UEFA Super kubogynyň altynjy ýeňlişidir. Mundan öň «andalusiýalylar» alty gezek ýaryşda gatnaşypdylar, ýöne kubogy diňe bir gezek ― 2006-njy ýylda almagy başardylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: