YLYM WE TEHNIKA

Mamontlaryň ýok bolmagynyň esasy sebäbi anyklanyldy

Alymlar ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda edilen jedeli bes etdiler. Ýagny, olar mamontlaryň Ýer ýüzünden bütinleý ýok bolup gitmekleriniň esasy sebäbini anykladylar, diýip «mail.ru» ýazýar.

Köp ýyllaryň dowamynda bu äpet jandarlaryň nesilleriniň galmazlygynyň sebäpkärleri irki adamlar hasaplanyldy. Çünki takmynan 12 müň ýyl mundan ozal bu jandarlar adamlar tarapyndan awlanylypdyr. Emma alymlar topary adamlardan bütinleý daş ýerlerde, ýagny, Arktika adalarynda ýaşan mamontlaryň ýok bolmagynyň esasy sebäbiniň klimatyň üýtgemegi bilen baglanyşyklydygyny anykladylar. Şonuň ýaly-da, olaryň gyrylmagy takmynan 4000 ýyl mundan ozal örän tiz wagt aralygynda bolup geçipdir. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, bu äpet jandarlar klimatyň täsiri bilen daş-töweregiň üýtgemegine uýgunlaşyp bilmändirler, şeýle hem iýmit ýetmezçiligi hem olaryň ölüp ýok bolmaklaryna uly täsir edipdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: