YKDYSADYÝET

Mallar dok we ýyly gyşladylýar

Lebap welaýatynyň maldarlary şu ýyl ot-iýmleriň jemi 13144,7 tonnasy taýýarladylar we olary mallaryň gyşladyljak ýerlerine daşadylar. Bu göz öňünde tutulanyndan köpdür.

Olaryň 1257,4 tonnasy ýorunja, 6959 tonnasy iri baldakly otlar, 4000 tonnasy saman, 894,1 tonnasy arpa we beýleki otlardyr.

«Türkmen gündogary» gazetiniň ýazmagyna görä, häzirki döwürde maldarçylyk hojalyklarynda maýda mallaryň 206 müňe golaýy bakylýar. Olary bakmak işini kärendeçiler toparlarynyň 365-si ýerine ýetirýär. Olaryň ygtyýarynda kaşarlaryň 351-si, agyllaryň hem 113-si bolup, olaryň ählisi öz wagtynda abatlanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: