YKDYSADYÝET

Maldarlar önüm öndürilişini artdyrýarlar

Lebap welaýatynyň ähli hojalyklary boýunça üstümizdäki ýylyň geçen on aýynda 119,4 müň tonna et (diri agramda), 524,1 müň tonna süýt öndürilip, ilatyň bu zerur önümler bilen bolelin üpjün edilmegine saldamly goşant goşuldy.

Şeýle oňyn netijeler mallaryň baş sanynyň artdyrylmagy we olara göreldeli ideg edilmegi arkaly gazanylýar. Şu ýylyň oktýabr aýynyň başyna welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda gara mallar 531,6 müň başa, dowarlar bolsa 2 million 511,9 müň başa barabar boldy. Möhüm önümleriň bolluk bilen öndürilmegine Halaç etrabynyň maldarlarynyň goşantlary has saldamly. Olar şu ýylyň geçen on aýynda etiň 19,2 müň tonnasyny, süýdüň hem 97 müň tonnadan gowragyny öndürmegiň hötdesinden geldiler. Munuň özi welaýatda iň ýokary görkezijilerdir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: