TÜRKMENISTAN HABARLARY

Maldarlar dowarlary gyşlatmaga taýýar

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň «Garagum» maldarçylyk hojalygynda mallary gyşda ýyly we dok saklamak üçin doly taýýarlyk görüldi.
Hünärmenler tarapyndan gerekli mukdarda ot we iým gory döredildi, olar mallaryň gyşladyljak ýerine daşaldy we mallaryň ýataklary abatlanyldy. Häzir hojalyga degişli 36 müňe golaý maýda mallar Garagumyň ýaýlalarynda bakylýar. Olar sürüleriň 36-syna paýlanylyp, olaryň ählisinde işler talaba laýyk guralýar. Bu bolsa indiki ýyl owlak guzy almak boýunça göz öňünde tutulan sepgitlere ýetiljekdigine ynamy artdyrýar.
Dowardarlar geçen baharda ene mallardan 14,5 müňden gowrak sagdyn owlakdyr guzy alypdylar we bu baradaky meýilnamalaryny üstünlikli berjaý edipdiler. Alnan ýaş mallaryň ählisi ösdürmek üçin alnyp galyndy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply